
KITAP – PAÝHAS UMMANY
Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Kitaplar adamzadyň iň gadymy we iň gymmatly hazynalarynyň biridir. Halkyň köpasyrlyk taryhy, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary baradaky baý maglumatlar kitaplarda saklanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” eseriniň ikinji kitabynda kitaplar we olaryň biziň durmuşymyzdaky ähmiýeti barada şeýle belleýär: “Kitap dünýäni açýar. Aslynda, dünýä kitaba öwrülmek üçin ýaşaýar. Kitaplar asyrlaryň taryhyny, durmuşyny, ruhuny özüne siňdirýändigi bilen şöhratlanýar. Çünki kitap döwrüň waspçysy, paýhas ummany. ...Kitap okap, hakykata göz ýetirmek, pähimli pikirlere uýmak ähli ynsanlary birleşdirýär. ...Kitap ylmyň miwesi, medeniýetiň gülüdir. Kitaplar köp neşir edilse, ylym hem güllär, medeniýetem” (Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. II kitap. – Aşgabat: TDNG, 2018. 4-5 s.).