MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI NESIL TERBIÝESINIŇ NUSGALYK ÝOLUDYR

MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI NESIL TERBIÝESINIŇ NUSGALYK ÝOLUDYR

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň şöhratly taryhynda beýik akyldarlarymyzyň geljegi nazarlaýan parasatly pikirlerine esaslanýan öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär we ýaş nesilde ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek ýaly wajyp meseleler döwrebap çözülýär. Ýaş nesli aňly-düşünjeli şahsyýet hökmünde kemala getirmekde eserleri türkmen nusgawy edebiýatynyň genji-hazynasy bolan, ýiti zehini bilen äleme ady dolan, türkmen jemgyýetini kämillige ugrukdyryjy ynsanperwerlik, watançylyk ruhly söz gudratyny döreden Magtymguly Pyragynyň şygyrlary nusgalyk mekdepdir.