
MAGTYMGULYNYŇ OKAN MEDRESELERINI BILÝÄRSIŇIZMI?
M a g t y m g u l y Pyragy başlangyç bilim-terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan al-ýar. Bu barada şahyryň: “Ylym öwreden ussat-kyblam peder-dir” diýen setiri bar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Soňra Halajyň Gyzylaýak obasyndaky Idris baba medresesine okuwa girýär. Bu medresede birnäçe wagt okandan soň, Buharanyň Gögeldaş medresesine okuwa gidýär, onda iki ýyl okaýar. Şahyr şol medresede ders berýän siriýaly türkmen Nury Kazym ibn Bahr bilen tanyşýar, onuň bilen dostlaşýar.