
AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI HALKARA YLMY-KLINIKI ONKOLOGIÝA MERKEZINIŇ INŽENER-GEOLOGIÝA ŞERTLERI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň gurluşyk, binagärlik hem-de seýsmologiýa babatynda häzirki zaman şäher gurluşygyny ösdürmek ugrundaky tagallalary netijesinde binalaryň pugtalygyny, seýsmiki howpsuzlygyny üpjün etmek, seýsmiki howplulygyň we töwekgelçiligiň hakyky derejesini hasaba almak, ýertitremäni deslapdan duýdurmak we netijelerini azaltmak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Ýapon Halkara Hyzmatdaşlyk Agentligi bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty tarapyndan ýertitremeleri kesgitlemek, seýsmiki howpa baha bermek, olary etraplaşdyrmak we kartasyny düzmek, gurluşyk üçin saýlanyp alnan meýdançada inženerçilik-geologiki gözlegleri geçirmek we seýsmiki ýagdaýy barada netijenamalary bermek ugrunda alnyp barylýan ulgamlaýyn işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.