
BIOLOGIÝADAN OKUWÇYLARYŇ BILIMLERINI BARLAMAKDA DIKTANTYŇ ULANYLYŞY
Ýaş nesle çuňňur we köptaraplaýyn bilim bermekde olaryň alan bilimlerini hem-de başarnyklaryny barlamagyň aýratyn orny bar. Häzirki zaman pedagogikasynda okuwçylaryň bilimlerini barlamagyň dürli usullary (ýazuw üsti bilen, dilden soramak, grafik, programmirlenen, awtomatik barlag, test geçirmek we beýlekiler) ulanylýar. Umumybilim berýän mekdeplerde diňe bir türkmen dilinden ýa-da daşary ýurt dillerinden däl, eýsem, beýleki okuw derslerinden, şol sanda, biologiýadan hem okuwçylaryň bilim derejesini barlamak üçin diktant ýazdyrmak uly ähmiýete eýedir. Diktant ýazdyrmak diňe bir okuwçylaryň bilimini barlamaga däl, olaryň dürs ýazuw endiklerini, ýatkeşligini, özbaşdak işläp, ondan netije çykaryp bilmek ukyplaryny ösdürmäge-de kömek edýär.