
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ “ÄNEW – MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET” ATLY KITABYNDAN
Geçen ýyly üstünlikler bilen jemläp, täze - 2024-nji ýyla gadam goýduk. Täze ýylda etjek işlerimiz, ýetjek belent sepgitlerimiz, üstünliklerimiz bilen ata Watanymyzyň abraýyna abraý, şöhratyna şan goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar. Döwletimiziň üstünlikleri, toý-baýramlary bu ýyl hem goşa-goşadan gelýär. Bu ýyly “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrdyk. Sebäbi bu ýylda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly belleýäris. Gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Bular, hakykatdan hem, tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekjek wakalardyr. Mahal-mahal gündeliklerime eden belliklerimi, ýazan pikirlerimi, belläp alan maglumatlarymy gaýtadan gözden geçirýärin. Sebäbi her bir waka ýa-da maglumat gaýtadan okanyňda ýa-da ýatlanyňda, öňkülerden has üýtgeşik täze pikirleri hem oýaryp bilýär. Pikiriňi paýlaşmak, pikir alyşmak bolsa ähli ynsanlar hem-de ýaşaýyş üçin juda ähmiýetli. Çünki beýik pikirler we sagdyn düşünjeler hemmeleri bir maksada ugrukdyrýar. Gadymy Änew baradaky belliklerime göz aýlanymda, 2024-nji ýylda boljak şanly wakalar hakyndaky maglumatlarymy, pikirlerimi bir ýere toplap, aýratyn kitap etmek islegi döredi.