MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖWLET-HUKUK GARAÝYŞLARY

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖWLET-HUKUK GARAÝYŞLARY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyna baranynda we şol ýerde özüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusyny egindeşlerine okap bereninde, türkmen halkynyň akyldar sahyiy Magtymguly Pyragynyň indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri öz ady hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýändigini belledi. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny- ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýylandygyny nygtady.