
TÜRKMENISTANYŇ HORMATLY PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW MAGTYMGULY PYRAGY BARADA
Alnymyzda - beýik ykbalymyzyň üstünliklere beslenjek täze bir sahypasy - “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly. Täze ýylymyzyň adynyň akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň eserlerine ornan döwletliligiň, söz we paýhas berekediniň, ylham-döredijiligi joşdurjak rysgal çeşmesiniň, tutuş barlyga, ýaşaýşa, ynsana mahsus gözellikleriň has kämil hem-de döwrebap röwüşde hasyl boljakdygynyň buşlugydyr.