TALYPLARA DAŞARY ÝURT DILINDE SÖZLEÝIŞ ÖWREDILENDE AMALY GÖNÜKMELERDEN PEÝDALANMAGYŇ USULYÝETI

TALYPLARA DAŞARY ÝURT DILINDE SÖZLEÝIŞ ÖWREDILENDE AMALY GÖNÜKMELERDEN PEÝDALANMAGYŇ USULYÝETI

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamy jemgyýetimizi belent maksatlara ruhlandyrýan kuwwatly güýçdür (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. 12-nji tom. - Aşgabat: TDNG, 2019.). Bilim arkaly jemgyýetçilik durmuşyna ornaşdyrylan ajaýyp ýörelgeler, talyplara daşary ýurt dilleriniň, hususan-da, iňlis diliniň öwredilmegi olaryň aň-düşünjesini, medeni-ruhy durmuşyny özgertmäge, geljekde öz işlerine ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine aýratyn täsir edýär.