MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ ÜSTI BILEN TEBIGY UGURLARY OKATMAGYŇ USULYÝETI

MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ ÜSTI BILEN TEBIGY UGURLARY OKATMAGYŇ USULYÝETI

Ýurdumyzda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygyny uludan toýlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu geçirilýän çäreler halkymyzy örän buýsandyrýar. Muňa dana Arkadagymyzyň: “Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri öz ady bilen hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmen halkyny şöhratlandyryp gelýär. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir” (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ynsan kalbynyň öçmejek nury. - Aşgabat: TDNG, 2014. 46 s.) diýen dürdäne setirleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.