
MUGALLYM TAÝÝARLAMAKDA ETNOPEDAGOGIK GARAÝYŞLARY BEÝAN EDÝÄN YLMY ÇEŞMELER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi ýokary bilim ulgamynda pedagogikanyň öwrediliş aýratynlyklaryna uly üns berýärler. Professor-mugallymlaryň öz wezipelerini döwrüň talabyna laýyk ýerine ýetirmegi üçin, hünär bilimleriniň üstüni pedagogik bilimlerdir başarnyklar bilen ýetirmek zerurlygy ýüze çykýar. Mugallym taýýarlaýan ýa-da gaýry hünärler boýunça hünärmen taýýarlamak maksatly sapaklarda bilim-terbiýe işinde pedagogik innowasiýalaryň hem-de sanly ulgamyň ähmiýetini göz öňünde tutup, okatmagyň we bilimine baha bermegiň oňaýly görnüşleridir usullaryny saýlamak üçin, ýokary okuw mekdebiniň pedagogikasynyň usulyýet esaslarynyň açylyp görkezilmegi zerurdyr. Munuň bilen baglanyşyklylykda, meseläni ylym hökmünde öwrenen alymlaryň pedagogik işleri, ylmy garaýyşlary bilen häzirki zaman mugallymlary ýakyndan tanyş bolmalydyr.