
ÇAGALAR BAGLARYNDA MATEMATIKA DERSI ÖWREDILENDE HALK DÖREDIJILIGINDEN PEÝDALANMAK
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmek, çagalar babatda hemmetaraplaýyn alada etmek bilen baglanyşykly işleriň mazmuny döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, körpelere bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň irki ýaşdan başlap beden, akyl, ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen guralýan işler yzygiderli alnyp barylýar. Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek hem-de goldamak bilen baglanyşykly meselelere degişli wezipeleri ýerine ýetirmek esasy orunlarda durýar. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde mekdebe çenli çagalar edaralarynda dürli dersler boýunça okuw sapaklarynyň okadylyşyna we olaryň hiliniň ýokarylygyna aýratyn hyzmatlar degişlidir.