MEKDEBE ÇENLI DÖWÜRDE KÖRPELERIŇ AKYL TAÝDAN ÖSÜŞINIŇ AÝRATYNLYKLARY

MEKDEBE ÇENLI DÖWÜRDE KÖRPELERIŇ AKYL TAÝDAN ÖSÜŞINIŇ AÝRATYNLYKLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bilim-terbiýe berlişiniň usulyýetini ösdürmek we täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen durmuşa ornaşdyrylýan ajaýyp işleriň biridir. Häzirki döwürde amala aşyrylýan Prezident Maksatnamalaryny iş tejribesine ornaşdyrmak ýaş nesli hemmetaraplaýyn ösen şahsyýet hökmünde kemala getirmegi talap edýär. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, ýaş nesliň sagdyn kemala getirilmegine, akyl taýdan kadaly, ruhubelent ösmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim-terbiýe işleriniň hiline ýokary talaplar bildirilýär. Bu işleriň guralyşynyň hilini ýokarlandyrmak bilen, hormatly Prezidentimiziň talap edişi ýaly, akyl taýdan kämil, ýurduň intellektual kuwwatyny artdyrjak geljekki nesli milli ruhda terbiýelemek biziň baş wezipämizdir.