
DILLERI DEŇEŞDIRIP ÖWRENMEGIŇ ÄHMIÝETI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda şeýle diýilýär: “Türkmen halkynyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, dünýä ýaýmak, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däplerimiz, medeni we ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi sazlaşykly ösdürmek, Türkmenistanyň umumadamzat taryhyndaky we medeniýetindäki ornuny kesgitlemek hem-de ykrar etmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylyp, ylmy-medeni diplomatiýamyz dünýäde giňden dabaralandyrylýar” (Türkmenistan. – 2022. – 11 iýun.).