
BILIMIŇ BEÝIK BAŞLANGYÇLARYNDA
Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň düzümleri Birleşen Milletler Gutamasynyň Çagalar gaznasy hem-de Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňelýär. Daşary ýurtlardan professor, mugallymlae we tejribeli hünärmenler çagyrylýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO kafedralary, Türkmen oba hojalyk institutynda “Daşky gurşawy goramakda – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO kluby açyldy.