OKUWÇYLARYŇ LOGIKI PIKIRLENMESINI ÖSDÜRMEKDE SANLY  TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNY

OKUWÇYLARYŇ LOGIKI PIKIRLENMESINI ÖSDÜRMEKDE SANLY TEHNOLOGIÝALARYŇ ORNY

 Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu özgertmelerde bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda okuwçylara döwrüň talabyna laýyk bilim we terbiýe bermek bilen, sanly tehnologiýalara esaslanylýar. Bu wezipäni ýerine ýetirmekde mugallymlardan giň dünýägaraýyşly, täze tehnologiýalardan baş çykarýan, ukyp-başarnyklarynyň ýokary derejede bolmagy talap edilýär. Okuwçylaryň dünýä derejesine laýyk bilim almaklary we ýokary derej eli hünärmenler bolup ýetişmekleri bellibir derejede başlangyç synp mugallymlarynyň paýyna düşýär.