ÝOKARY BILIM ULGAMYNDA DERS BÄSLEŞIKLERINI GEÇIRMEKDE  TÄZE TEHNOLOGIÝALARYŇ HYZMATY

ÝOKARY BILIM ULGAMYNDA DERS BÄSLEŞIKLERINI GEÇIRMEKDE TÄZE TEHNOLOGIÝALARYŇ HYZMATY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asyrlary nazarlaýan, öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde Watanymyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde bilim we ylym ulgamlaryna uly ähmiýet berilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, täze, döwrebap tehnologiýalar okuw işine giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, kämil bilim almaklaryna mümkinçilik döredýär. Alym Arkadagymyz tarapyndan bilim ulgamynda badalga berlen beýik başlangyçlary talabalaýyk amala aşyrmakda dünýäniň ösen döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň tejribelerini öwrenmek we olardan maksadalaýyk peýdalanmak zerurdyr.