VIII-XVII ASYRLARDAKY TÜRKMEN DILINIŇ SÖZLÜGINI DÜZMEGIŇ TEJRIBESINDEN

VIII-XVII ASYRLARDAKY TÜRKMEN DILINIŇ SÖZLÜGINI DÜZMEGIŇ TEJRIBESINDEN

Alym Arkadagymyzyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016 - 2021- nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” golýazma çeşmeleri esasynda gadymy türkmen diliniň sözlügini düzmek hem-de neşire taýýarlamak wezipesi goýuldy. Soňky döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda maddy däl baýlyklarymyzyň saklanyp galan gadymy nusgalaryny halkyň arasyndan ýygnamak, ylmy seljerme geçirmek, täze röwüşde baýlaşdyrmak we dünýä ýüzüne ýaýmak babatda ýörite merkezleriň, institutlaryň açylmagynyň düýp maksady hem şunuň bilen baglydyr [1, 152 s.]. Häzirki wagtda türkmen dil biliminde sözlükleri işläp taýýarlamakda dilçi alymlar tarapyndan ençeme işler edildi. Bu ugurda alnyp barlan we geljekde dowam etdiriljek leksikografik işler türkmen diliniň we edebiýatynyň taryhyny giňişleýin öwrenmäge özboluşly goşant goşar.