IŇLIS DILINI OKATMAGYŇ HÄZIRKI ZAMAN USULLARY

IŇLIS DILINI OKATMAGYŇ HÄZIRKI ZAMAN USULLARY

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sowatly, sagdyn, bilimli kemala gelmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Olaryň dünýä derejesinde bilim almagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bitarap döwlet hökmünde ýurdumyz dünýäniň köp sanly döwletleri bilen ýakyndan dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklaýar. Elbetde, dünýä ýurtlary bilen ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklary saklamakda daşary ýurt dillerini bilmegiň möhümdigi öz-özünden düşnüklidir.