ILATYŇ MALIÝE SOWATLYLYGY GYMMATLY KAGYZLAR BAZARYNY GURAMAGYŇ BINÝADY HÖKMÜNDE

ILATYŇ MALIÝE SOWATLYLYGY GYMMATLY KAGYZLAR BAZARYNY GURAMAGYŇ BINÝADY HÖKMÜNDE

Maliýe hyzmatlaryndan peýdalanmagyň giňelýän we täze maliýe gurallarynyň peýda bolýan häzirki şertlerinde ilatyň maliýe sowatlylygyna degişli meseleler dünýäniň köp ýurtlary üçin örän derwaýys meselä öwrüldi. Şahsy maliýe howpsuzlygyny üpjün etmek adamlaryň ykdysady abadançylygynyň möhüm faktoryna öwrülýär.