HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ESERLERINIŇ ÝAŞLARY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK RUHUNDA TERBIÝELEMEKDÄKI ÄHMIÝETI

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ESERLERINIŇ ÝAŞLARY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK RUHUNDA TERBIÝELEMEKDÄKI ÄHMIÝETI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlaryny milli ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Çünki hemmetaraplaýyn kämil, başarnykly we hünärine ussat nesilleriň terbiýe babatda hem görelde alarlyk şahsyýetler bolup ýetişmekleri möhüm wezipedir. Şu nukdaýnazardan hem ýaşlara bilim bermek, hünär öwretmek işi terbiýeçilik işi bilen utgaşdyrylýar. Bu ugurda, bilim edarasynyň görnüşine we derejesine görä, öwrenijiler bilen (mekdebe çenli ýaşly çagalar, mekdep okuwçylary, talyplar we diňleýjiler) mazmun we guramaçylyk babatda tapawutlanýan terbiýeçilik ähmiýetli çäreler geçirilýär. Olar wagyz-nesihatlar, umumy sapaklar, gezelençler, bäsleşikler ýaly usuly taýdan aýry-aýry görnüşler boýunça amala aşyrylýar.