ELEKTROENERGETIKANYŇ MESELELERI WE OLARY ÇÖZMEGIŇ USULLARY

ELEKTROENERGETIKANYŇ MESELELERI WE OLARY ÇÖZMEGIŇ USULLARY

Elektroenergetik ulgamlaryň ulanylyş iş şertleriniň üýtgemegi we sarp edijileriň talabyna laýyklykda, hemişe ösüşde bolmagy ulgamyň düzülişine hem-de olaryň iş düzgünlerine özgertmeleri girizip durmagy talap edýär. Bu özgertmeler elektroenergetik ulgamyň geljegini kesgitleýän birnäçe meseleler bilen şertlendirilýär.1991-nji ýyla çenli Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagynda umumy kuwwatlylygy 2160 MWt bolan ýylylyk elektrik beketleri ulanylýardy. Hemişelik Bitarap ýurdumyzda geçen 25 ýylyň içinde 10 sany gaz turbinaly elektrik beketleri gurlup, umumy kuwwatlylyk 4164 MWt-a ýetirildi [1]. Türkmenistanyň energetiki ulgamy Eýranyň energetiki ulgamyna 2 sany 220 kW geçiriji, Özbegistanyň elektrik energetiki ulgamyna 220 kW we 500 kW geçirijiler arkaly birikdirildi. Owganystana 110 kW geçirijiden başga hem, geljekde 500 kW geçirijiniň kömegi bilen elektrik energiýasyny çykarmaga mümkinçilik bar. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan 500 kW geçirijiniň taslama işleri alnyp barylýar. Netijede, olaryň hemmesi goňşy döwletler bilen elektrik energetikasy söwdasyna we ulgamyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.