
SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNYŇ YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞINI ÝOKARLANDYRMAKDAKY ORNY
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi netijesinde häzirki zaman syýahatçylyk pudagy döredildi. Bu pudagyň öňünde duran esasy wezipeleriň biri hem syýahatçylygy halkymyzyň medeniýetli dynç almagy, saglygyny dikeltmegi bilen utgaşyklylykda guramakdyr, düşewüntli etmekdir.