
HOREZMŞALAR DÖWLETINIŇ TARYHYNDA SOLTAN JELALEDDINIŇ ORNY
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gündogaryň taryhynda öçmejek yz goýan taryhy şahslarymyz barada buýsanç bilen ýatlaýar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eserinde alym Arkadagymyz şeýle diýýär: “... Bu ýerde Çingiz hanyň goşunlaryna garşy göreşijileriň esasy daýanjy bolupdyk’ (Gurbanguly Berdmuhamedow. Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. - Aşgabat: TDNG, 2017. 235 s.). Biz şu makalamyzy Horezm-şalar döwletiniň taryhynda öçmejek yz goýan, mongol goşunlaryna gaýtawul bermegi başaran Jelaleddin Meňburnuň ýagty ýadygärligine bagyşlaýarys. 1043-nj i ýylda doganlar Muhammet Togrul beg bilen Dawut Çagry beg Horezmi eýeländen soň, Horezm Türkmenleriň Seljukly döwletiniň düzümine girýär. Horezmiň tabynlyk döwründe hökümdary Anuştegin Garja bolupdyr. Ol ilki Gaznanyň hökümdary Bilgäniň hyzmatynda eken. Mälikşanyň döwründe ol öz pähim-paýhasy, akyllylygy, wepadarlygy bilen onuň ynamdar adamlarynyň birine öwrülýär. Şol sebäpli hem şa ony Horezmiň hökümdary edip belleýär (Ekäýew O. Türkmenistanyň taryhy - Aşgabat: TDNG, 2020. 109 s.). Anuştegin oguzlaryň begdili urugyna degişli bolupdyr (Буниятов З.М. Государство Хорезмшахов - Ануштегинидов. - Москва: «Наука», 1986. 6 с.). Türkmen-türk taryhçy alymy Faruk Sümer “Oguzlar - türkmenler” atly kitabynda Reşideddiniň “Oguznamasyna” salgylanyp, begdilileri hökümdar çykaran bäş boýdan biri hasaplap, Horezmşalar hanedanynyň hem şu boýdan çykandygyny nygtaýandygyny aýdýar (Фарук Сүмер. Огузлар - түркменлер. - Aşgabat,1999. 406 s.).