
GEÝZENBERGIŇ KESGITSIZLIK ÝÖRELGESINI ÖWRETMEGIŇ ESASLARY
Fizika ylmynyň ilkinji doly we gutarnykly görnüşde döredilen bölümi mehanika ylmydyr (nusgawy mehanika). Soňra ähli fiziki ylymlar mehanika meňzeşlikde döredilýär, sebäbi alymlar islendik fiziki hadysalaryň düşündirilişini haýsydyr bir görnüşdäki herekete getiijek bolýardylar, mehanika bolsa ilkinji bolup adaty jisimleriň adaty hereketini öwrenip başlady. Gollandiýaly fizik H.Gýuýgensiň aýdyşy ýaly: “Hakyky ylymda ähli hadysalaryň sebäplerine diňe olar mehanikanyň düşünjelerine getirilen ýagdaýynda düşünmek bolar. Fizikada haýsy-da bolsa bir zada düşünmek umydymyzy üzmejek bolsak, şeýle edilmesi zerurdyr”. Nusgawy mehanika ylmynyň esaslandyryjysy bolan meşhur italýan alymy G.Galileý mehanikanyň matematika ylymlarynyň nusgasy boýunça döredilmegini teklip etdi, çünki mehanikanyň düýbünde hem birnäçe ýörelgeler (prinsipler) bardyr. Olaryň esasylary sebäplilik (nusgawy determinizm) we daşky dünýä adam tarapyndan doly akyl ýetirip boljak ýörelgeleridir. Olara laýyklykda, hereketiň islendik wagt pursadyndaky ýagdaýyny onuň öňüsyrasyndaky ýagdaý, bu ýagdaýy ondan öňki ýagdaý kesgitleýär (sebäp bolýar) we ş.m. Bu sebäpler başlangyç ýagdaýa çenli dowam edýär, çünki nusgawy mehanikada (we nusgawy fizikanyň beýleki bölümlerinde: elektromagnetizmde, elektrodinamikada, optikada, termodinamikada we ş.m.) ylmy döretmekde nusgawy çemeleşme ulanylýar. Bu çemeleşmä laýyklykda, islendik fiziki ulgamyň (sistemanyň) hereketiniň beýan edilmegi käbir mukdarlar arkaly amala aşyrylýar, olara dinamiki üýtgeýänler diýilýär. Üýtgeýänler wagtyň her bir pursadynda doly kesgitli bahany eýeleýär. Ulgamyň haly bolsa bu üýtgeýänleriň bahalarynyň ýygyndysy bilen kesgitlenýär.