
ORTA ASYRLARYŇ TÄMIZLENIŞ WE SAGALDYŞ MAKSATLY DESGALARY
Berkarar döwlelimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary we içeri syýasaty netijesinde halkymyzyň edebi we medeni mirasyny, milli däp-dessurlaryny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek, gorap saklamak hem-de geljekki nesillere ýetirmek barada uly işler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly: “Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan medeni-ruhy gymmatlyklary, binagärlik we arheologik ýadygärlikleri, geçmişiň köp taraplaryny özünde jemleýän medeni-taryhy mirasy ylmy jähetden öwrenmek, gorap saklamak, dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek döwletimiziň ylmy syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir” [1, 84 s.].